Nýu-Ýork Taýms: ABŞ-nyň Wenesuala guran hüjüminde azyndan 40 adam öldi

Nýu-Ýork Taýms: ABŞ-nyň Wenesuala guran hüjüminde azyndan 40 adam öldi

ABŞ-da çap edilen “Nýu-Ýork Taýms” gazetinde çykan makalada ABŞ-nyň Wenesual guran we Prezident Nikola Madurony “zamun” almagy maksat edinen Amerikan harby hüjüminde azyndan 40 adam ýogaldy.

Adynyn agzalmagyny islenmedik ýokary derejeli wenesuelaly resmä salgylanylýan habarda; “Hüjümde asuda ilatdan we harby gullukçylardan azyndan 40 adam öldi” diýilýär.

Amerikan resmileri gazete hüjümiň pyýada goşunlary ornaşdyrmazdan ozal Wenesuelanyň howa goranyş ulgamyny täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin giň-gerimli howa operasiýasyny gurandygyny beýan etdiler.

Makalada amerikaly resmilere salgylanylyp; “Howa goranyş ulgamyny hatardan çykarmak üçin 150-den gowrak Amerikan uçary ugradyldy, şeýlelikde harby dik uçarlar Maduronyň ýerleşýän ýerini ele geçiren harby birikmeleri getirmegiň hötdesinden geldiler” diýilýär.

Ak Tam we Pentagon adam pidalary ýa-da operasiýa hakynda giňişleýin maglumat bermedi.

Amerikan güýçleri şenbe güni irden Maduro bilen maşgalasy Jilia Floresi ele salyp, Wenesueladan alypdy, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa onuň gijeki dramatiki operasiýalardan biridigini beýan edipdi.

Tramp ABŞ-nyň “howpsuz, amatly we parasatly geçiş” ýola goýulýança Wenesuelany dolandyrjakdygyny aýtdy.

Nýu-Ýorkyn Günorta sebitindäki federal kazylar şenbe güni irden gozgalan iş boýunça maglumat berip, Madurony we Floresi ABŞ-na “tonnalarça kokain” getirmekde we beýleki jenaýatlary işlänlikde aýypladylar.

Operasiýa tankydy çemeleşen käbir bilermenler hüjümleriň halkara hukugynyň kadalaryny bozandygyny, Kongrese maglumat berilmändigini we Wenesuela bilen birlikde has giň sebitde durnuksyzlygy artdyrma töwekgelçiliginiň bardygyny beýan edýärler.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
ÝB ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümden soň halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş etdi
Wenesiýa kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
78-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
Täze kitapda 'dünýä ýurtlaryny birleşdirjek maksatlar' seljerilýär
“Ýewrowideniýe-2022” Turinde geçiriler