Wenesiýa kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

Wenesiýa kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

78-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň baş baýragyny — “Altyn ýolbarsy” fransuz režissýory Odri Diwanyň “Waka” atly filmi eýeledi.

Festiwalyň Gran-pri baýragyna italiýaly Paolo Sorrentinonyň terjimehal häsiýetli “Hudaýyň eli” filmi mynasyp görüldi. Iň oňat režissýorlyk işi üçin baýragy Jeýn Kempionyň “Itiň güýji” filimi eýeledi.

Aktrisa Penelopa Krus iň oňat zenan keşbi, Jon Arçilla iň oňat erkek keşbi üçin baýraklara, Meggi Jillenholl iň oňat ssenariý ugry üçin baýraga mynasyp görüldi.

Italiýaly režissýor Mikelanjelo Frammartino “Deşik” filmi üçin eminler toparynyň ýörite baýragyny aldy. Marçello Mastroýanni adyndaky iň oňat ilkinji keşp üçin baýraga aktýor Filippo Skotti eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

78-nji Wenesiýa film festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Transfer täzelikleri
06.12.2018 | Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär
Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär
Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan halkara maslahat