ÝB ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümden soň halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş etdi

ÝB ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümden soň halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş etdi

ÝB-niň Daşary syýasatdan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kallas ýekşenbe güni beren beýannamasynda “ÝB krizisiň çuňlaşmagynyň öňüni almak we meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini ýola goýmak üçin ähli taraplara parasatlylyk çagyryny berýär”diýdi.

Beýannamada “ÝB halkara hukugyna sarpa goýulmalydygyny we BMG-nyň esasy ýörelgeleriniň goralmalydygyny ýatladýar”diýildi.

Beýannamada, Wengriýadan daşary 26 ýurduň BMG-nyň howpsuzlyk geňeşiniň halkara howpsuzlygyň özenini emele getirýän halkara hukugynyň esasy ýörelgelerine sarpa goýulmalydygyna ünsi çekýändigi bellenildi.

Gurama agza ýurtlar tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, “ÝB birnäçe gezek Nikolas Maduronyň demokratik ýagdaýda saýlanan lider bolmandygyny nygtady we ýurduň özygtyýarlygyna, demokratik geçiş etabyna goldaw berýär. Wenesuelanyň halkynyň öz gelejeklerini kesgitlemek hukugyna sarpa goýýar” diýildi.

Beýannamada Wenesuelanyň halkynyň demokratiýanyň ýola goýulmagy we häzirki krizisiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş edildi.

Beýannamada, Wenesuelada tussaglykda saklanýan ähli syýasy tussaglylaryň şertsiz boşadylmagy islendi.

ÝB-ne agza döwletleriň ÝB-niň raýatlarynyň howpsuzlygynyň goralmagy üçin utgaşykly ýagdaýda işleşýändigine üns çekildi.

ÝB-niň Daşary syýasatdan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kallas ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Wenesuela guran harby hüjüminde Prezident Nikolas Maduro bilen aýaly Jilia Floryň tussag edilmeginden we ABŞ-nyň wagtlaýyn ýurda gözegçilik etjekdigini mälim etmeginden soň beýannama berdi.

Maduro bilen aýaly şenbe güni Nýu-Ýorka getirildi we şol günden bäri Brooklyndäki göz asty merkezinde saklanýar. Maduro neşe söwdasyny edýän guramalar we terror guramasy hökmünde häsiýetlendirlen toparlar bilen hyzmatdaşlyk etmekde günäkärlenýär.

Maduro günäkärlemeleri ret edýär, Wenesuelanyň paýtagty Karakasdaky ýolbaşçylar Maduro bilen aýalynyň boşadylmagyny isledi.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi
Nýu-Ýork Taýms: ABŞ-nyň Wenesuala guran hüjüminde azyndan 40 adam öldi
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Delsi Rodriges Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-na hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
ÝB Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidentini ykrar etmekden ýüz öwürýär