Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi

Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi

Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri Social Psychological and Personality Science (SPPS) žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Barlaglara 60 müň adam gatnaşdyryldy. Olar öz bagtlylyk derejesi we adamlar bilen gatnaşyklarda gündelik endikleri barada birnäçe sowalnamalara jogap berdiler. Alnan netijeler nätanyşlar bilen köp söhbetdeş bolýanlaryň öz durmuşyndan has kanagatlanýandygyny subut etdi.

Işiň awtorlarynyň sözlerine görä, az salymlyk salamlaşmak, hoşallyk bildirmek ýaly ýagdaýlar özüňi duýşa oňat täsir edýär. Bu duýgular adamlara özlerini jemgyýetiň doly bahaly agzasy hökmünde aňlamaga mümkinçilik berýär, netijede, adam özüniň durmuşyny manyly hasaplaýar.

Ýene degişli makalalar

Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar
Akylly şäherler geljegiň şäheri
Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar