“Bagtyýar çagalygyň mekany”

“Bagtyýar çagalygyň mekany”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Bagtyýar çagalygyň mekany” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly, okamaga, öwrenmäge, döretmäge we Watana wepaly bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnalogiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri hem-de Diýarymyzyň jana şypaly ýerlerinde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi we ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşynyň her gününiň şatlykly, ýatda galyjy wakalara beslenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekilerinden “Dostlugyň miwesi”, “Küýze we tilki”, “Böwenjik”, “Akpamyk”, “Ýartygulagyň başdan geçirenleri” ýaly kitaplardan çeper okadylar hem-de ertekileriň gahrymanlary barada sorag-jogap alyşyldy.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

“Ertekiler dünýäsine syýahat”
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Türkmenistanda ösümlik ýagynyň bahasy kesgin gymmatlady
"Ahal" ýagynyň problemasy artýar