“Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi”

“Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy 155-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi” ady bilen gürrüňdeşlik çäresini geçirdi. Çärede Çagalary goramagyň halkara güni döwletimiz bilen bir hatarda , dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýada uludan baýram edilýändigi, bu baýramyň döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilmegi çagalaryň her biriniň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün ata Watanymyzda ýaş nesiller uly söýgi, mähir bilen gurşalyp alynýandygy hem-de ýurdumyzda bagtyýar çagalar döwrebap gurlan, zerur enjamlar bilen doly üpjün edilen ak mekdeplerde, çagalar baglarynda bilim-terbiýe almaklaryna doly mümkinçilikleriň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berildi. Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

GELIŇ ERTEKI OKALYŇ
Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”