GELIŇ ERTEKI OKALYŇ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 156-njy çagalar bagynda Geliň erteki okalyň ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
“Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi”
“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”