SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 13-nji saglyk öýünde Sport sagdynlygyň gözbaşy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyz gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýän jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylyp, “Saglygym - baş baýlygym”, “Bar zadyň sakasy saglyk” diýen paýhasly sözleriň döremegi saglygyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanşykly bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
“Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi”
“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”
“Bagtyýar çagalaň ýurdy”