Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Sergi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanylýan eksponatlardan, Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ussat mugallymlarynyň we talyplarynyň, welaýatlaryň dürli çeperçilik mekdeplerinde zähmet çekýän halypa suratkeşleriň, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, külalçylyk eserlerinden ybarat boldy. Ýaş suratkeşleriň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty we dizaýn ugurlary boýunça geçiren görkezme tejribe sapaklary sergä gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.
Suratkeşler taslamalarynda her bir ynsanyň kalbynda söýgini, gözelligi, juwanlygy oýarýan keşpleri döredýärler. Sergide ýerleşdirilen ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinde bahar öwüşginleri öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şeýle halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi türkmen suratkeşleriniň döredijilik rowaçlygydyr.
Has köp suratlary Multimedia bölüminde görüp bilersiňiz!
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.