“Bahmut Şäheriniň Ele Geçirilmegi Üçin Çaknyşyklar Dowam Edýär”

“Bahmut Şäheriniň Ele Geçirilmegi Üçin Çaknyşyklar Dowam Edýär”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Bahmut şäheriniň gözegçiliginiň ele alynmagy etabynyň dowam edýändigini aýtdy.

Şoýgu, harby ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

Ukrainada başladan “harby operasiýalarynyň” dowam edýändigini ýatladan Şoýgu, rus goşunynyň Donesk we Kupýansk liniýasyndaky hüjümleri netijesinde Nikolaýewkanyň, Dworiçnaýanyň, Griýanikowkanyň we Paraskowiýewkanyň gözlegçiligini ele geçirendiklerine ünsi çekdi.

Şoýgu, Bahmut şäheriniň gözegçiliginiň ele geçirilmegi üçin çaknyşyklaryň dowam edýändigini nygtady.

Günbatarly ýurtlaryň Ukraina harby taýdan goldaw bermäge dowam edýändigini aýdan Şoýgu, “NATO agza ýurtlaryň resmi Kiýewe goldaw berýändigine garamazdan Ukrainanyň güýçleri söweşde üstünlik gazanyp bilmeýär. Ukrainanyň ýaragly güýçleri uly ýitgi çekýär. Şol ýitgiler fewral aýynda ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 40 göterim artyp 11müňe ýetdi”diýip belledi.

Şoýgu, Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda 39 müňden gowrak zenanyň iş alyp barýandygyny we şolardan 1100-niň Ukrainadaky harby operasiýa gatnaşýandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Wise-premýeri İrina Wereşçuk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, söweşden öň Bahmut şäherinde 12 müňi çaga 70 müň adamyň ýaşaýandygyny nygtady.

“Şu günki günde bolsa Bahmutda 4 müňe golaý adam ýaşaýar” diýen Wereşçuk “Şäherde 38 çaga bar” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Wengriýa rus nebit eksportyny dikeldilýänçä çenli, ÝB-niň Ukraina berjek möhüm karzyny togtadar
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Russiýa Kiýewiň etraplaryna dron hüjümini gurady
Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
Putin tejribeli diplomadyny Türkiýä ilçi hökmünde belledi