Bahreýnli agyr atletikaçy Aziýanyň çempionatynda iki rekord goýdy

Bahreýnli agyr atletikaçy Aziýanyň çempionatynda iki rekord goýdy

Bahreýnli Gor Minasýan agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, Aziýanyň iki rekordyny täzeledi. Bu rekordlar silterläp götermäge we iki görnüşiň jemine degişlidir.

IWF-niň maglumatlaryna görä, Minasýan ştangany silterläp galdyrmakda 210, iteklemekde 242, iki görnüşiň jemi boýunça 452 kilogramlyk netije görkezdi.

Bu agram derejesinde ikinji we üçünji orunlary degişlilikde eýranly Ali Dawudi (195+243; 438 kilogram) bilen Mohsen Dadras (190+217; 407 kilogram) eýeledi.

Geçen tomusda Ermenistanyň esasy agyr atletikaçylarynyň biri bolan Gor Minasýan mundan beýläk Bahreýniň ýygyndysynda çykyş etjekdigini aýdypdy.

Gor Minasýan Rio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesidir. Şeýle hem ol dünýä çempionatlarynda iki gezek kümüş, bir gezek bürünç medal gazandy. Ermenistanyň düzüminde çykyş edýärkä, agyr atletikaçynyň Ýewropanyň üç gezek wise-çempiony bolandygyny hem bellemeli.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň Aziýanyň çempionatynda iki medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Braziliýada Yssy Howa Rekord Derejede
Şu gün Türkmenistanda Arkadag şäheri açylýar
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Garabagda Ermenileriň Goýan Minalarynyň Ýarylmagy Sebäpli 4 Azerbaýjan Polisi Şehit Boldy
Garabagda Ermeni Güýçleri Tarapyndan Goýlan Mina Ýaryldy