Baku we Moskwa jahankeşdelik pudagynda Ýol kartasyny taýýarlaýarlar

Baku we Moskwa jahankeşdelik pudagynda Ýol kartasyny taýýarlaýarlar

Russiýa we Azerbaýjan jahankeşdelik pudagynda bilelikdäki Ýol kartasynyň üstünde işleýärler diýip, Interfaks Azerbaýjan habarlar gullugy RF-niň Ykdysady ösüş ministrligine salgylanyp habar berdi. Bu barada News.ru ýazýar.

RF-niň ady agzalan edarasynyň başlygynyň orunbasary Dmitriý Wolwaç özüniň azerbaýjanly kärdeşi Elnur Aliýew bilen duşuşykda iki döwletiň arasynda jahankeşdeligiň ösýändigini belledi hem-de bilelikdäki Ýol kartasynyň üstünde tiz wagtda işläp başlamak barada ylalaşdylar.

Russiýaly ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda russiýalylaryň Azerbaýjana jahankeşdelik saparlary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 55 göterim artypdyr. Şunuň bilen birlikde, Respublikadan Russiýa jahankeşdeleriň sany 36 göterim ýokarlanypdyr.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Putin Polat Bilbil ogluny Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady
Türkmenistanlylar Russiýada urlup-ýenjilen azerilere duýgudaşlyk bildirýär
Irkutsk döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlary bilim alarlar
Azerbaýjan 42,8 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi
Türkmenistan Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport etdi