Irkutsk döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlary bilim alarlar

Irkutsk döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek Türkmenistanyň raýatlary bilim alarlar

2022-nji ýylda Irkutsk döwlet uniwersitetinde (ISU) ilkinji gezek türkmenistanly talyplaryň okuwa girmegi hasaba alyndy diýip, Interfaks uniwersitetiň rektory Aleksandr Şmidtiň sözlerine salgylanýar.

— Bu ýyl uniwersitetimizde ilkinji gezek türkmenistanly talyplar peýda boldy: birbada 64 adam — diýip, Aleksandr Şmidt belleýär. Mundan başga-da, ol uniwersitetde Günbatar ýurtlardan bolan talyplaryň sanynyň ep-esli azalyp, oňa derek gyrgyzystanly we özbegistanly talyplaryň sanynyň artandygyny aýdýar.

Şeýle hem ol türkmenistanlylaryň Irkutsk döwlet uniwersiteti hakynda uniwersitetleriň halkara reýtinginden öwrenendigini aýtdy.

Häzirki wagtda ISU-da jemi 14,5 müň töweregi talyp bilim alýar. Şolaryň, takmynan, 770-si daşary ýurtlular bolup, olar umumylykda 25 ýurda wekilçilik edýärler. Daşary ýurtly talyplaryň arasynda, esasan, Hytaýyň raýatlary agdyklyk edýär diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Türkmenistanlylar Russiýada urlup-ýenjilen azerilere duýgudaşlyk bildirýär
Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara isleg artýar, 'araçy' hilegärleriň duzagyna düşýän adam köpelýär
Tagtabazarda ýerli unuň bahasy çendenaşa gymmatlady
Baku we Moskwa jahankeşdelik pudagynda Ýol kartasyny taýýarlaýarlar
Azerbaýjan 42,8 müň tonnadan gowrak türkmen benzinini import etdi