Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler

Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler

Ýakyn iki ýylyň dowamynda Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu barada Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Geografiki taýdan bu merkez sebitiň kenarýaka erkin ykdysady zolagynda, ýagny Olýa portunda ýerleşer. Logistika merkezlerini we ammarlary gurmak üçin ýörite ýer bölünip berler hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Astrahan sebitinden bir kompaniýa saýlanyp alnar diýip, çeşme Wolynskiýniň sözlerini getirýär.

Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri degişli taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny belläp, logistika merkezini döretmek boýunça iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, soň onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine ugradyljakdygyny mälim etdi

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär
Dünýä Ulag Hyzmatlary talyplar üçin hyzmatlar: çakylyklary getirip bermek, okuwa onlaýn giriş, maslahatlar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Maryda hor düşen mallar bazara çykarylýar, ýangyç gytçylygy çekirtge belasyna 'urna boldy'
Mary welaýatynda gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi