Bakuwda Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri açyldy

Bakuwda Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri açyldy

Prezident Sadyr Žaparowyň Azerbaýjana resmi saparyna gabatlap, Bakuwda Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Ol paýtagtdaky Geýdar Aliýew adyndaky merkezde açyldy. Ol ýerde birbada birnäçe sergi ýerleşdi, gadymy gyrgyz saz gurallarynyň owazy astynda milli geýimleriň görkezilişi boldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Myhmanlar häzirki zaman gyrgyz senetkärleriniň, şeýle-de gadymy amaly-haşam sungat eserleri bilen tanşyp bilýärler. Olary Gyrgyzystanyň Milli taryhy muzeýi görkezýär.

Medeniýet günleriniň çäginde tegelek stollar guralar, ol 26-njy aprelde uly baýramçylyk konserti bilen jemlener.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar