Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dünýäniň musulmanlary üçin sahawatlylygyň we asyllylygyň nyşany bolup durýan Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

“Biz bu mukaddes baýramyň doganlyk özbek we türkmen halkynyň ruhy durmuşyndaky ornuna, jemgyýetlerimizde rehim-şepagatlylygyň, raýdaşlygyň berkarar bolmagyndaky ähmiýetine ýokary baha berýäris” diýip, özbek Lideriniň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkiýäniň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanlary gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi