Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Emomali Rahmon hem-de Sadyr Žaparow türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu möhüm wakanyň hormatyna Aşgabadyň Halkara howa menzili dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Resmi adamlar döwlet Baştutanlaryny mähirli garşyladylar.

Saparyň dowamynda geçirilmegi göz öňünde tutulan gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri we özara gyzyklanma döredýän dürli ulgamlarda hyzmataşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Tatarystanyň Baştutany Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
Aşgabatda Halkara forum öz işine başlady
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler