Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň ýubileýi bilen bagly çäreler dowam edýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlary bu ugurda uly işleri bitirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyrynda olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, öz zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň hem dabaraly ýagdaýda sylaglanyljakdygyny aýtdy.

Mälim boluşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forum geçirildi.Halkara maslahata Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zerdari, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy, Halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hökümet agzalary, tanymal alymlar, medeniýet işgärleri we diplomatlar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary Daşkentde Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler
Aşgabatda Halkara forum öz işine başlady
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi
Dünýä Liderleri Aşgabada geldiler