Baky Bitaraplyk bagt dünýäsi

Baky Bitaraplyk bagt dünýäsi

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Baş bilim müdürliginiň 88-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi şeýle-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlap Baky Bitaraplyk bagt dünýäsi at bilen ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çarede çykyş edenler Baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler . Çäräniň dowamynda myhmanlaryň okap beren goşgulary çärä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgyny bagyşlady.

Aşgabat şäher Medeniýet müdürliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň Ylham dutarçylar toparynyň, şeýle-de 88nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa olara ruhy lezzet paýlady. Çäraniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary şeýle-de ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr
Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
Bäşim Nuralynyň uçgunlary Bagtyýar ýaşlar
Gurban baýramy-belent ynsanperwerligiň we agzybirligiň baýramy
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
"Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy": Işsizlik we zyýanly endikler tejenli ýaşlara howp abandyrýar
AKYLDAR ŞAHYRYŇ EDEBI MIRASY-UMUMADAMZAT GYMMATLYGYDYR