Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr

Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Kalbyn berip okanlaryň aňyna, paýhas bolup siňen Magtymgulydyr ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde şahyrymyzyň hormatyna gojaman Köpetdagyň eteginde medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň heýkeliniň gurulmagy, ussat şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan goýulýan uly sarpasydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de döredijilik işgärleri Magtymguly Pyragy hakynda okap beren goşgulary we 2-nji çagalar sungat mekdebiniň Ylham dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdan aýdymlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäre geçirildi
K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Gelinler ogly bolýança çaga dogurmaga mejbur edilýär - çeşmeler
Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi
Parižde türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi