Türkiýede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Ylmy-barlag merkeziniň maslahaty geçirildi

7-nji noýabrda Ankara şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda hereket edýän Ylmy-barlag merkezinde maslahat geçirildi.

Geçirilen çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän belli alymlar, edebiýatçylar, ylmy-barlag işgärleri, şeýle hem Türkiýäniň ylmy we medeni jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Merkeziň 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyran ylmy-barlag işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem gelejekki işleriň ugurlary, şol sanda bilelikdäki ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, täze ylmy işleri neşir etmek hem-de Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň guralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäreniň çäklerinde Türkiýede neşir edilen we Magtymguly Pyragynyň ömrüne, pelsepewi garaýyşlaryna hem-de döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ylmy makalalaryň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Bu neşirleriň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge hem-de türkmen medeniýetini halkara giňişliginde beýan etmäge uly goşant goşandy nygtaldy.

Şeýle hem, geçirilen maslahatyň Türkmenistanyň taryhynyň aýratyn döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň we ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýändigi hem bellenildi.

Bu şanly seneler Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu ýörelgeleriň hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikirleri bilen, hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen doly sazlaşýandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasy bilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Arzan etiň 'gymmat kyssasy': Prezident çöken maldarçylygy dikeldip bilermi?
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy
Alymlar hususy öýli bolmak bilen ömrüň dowamlylygynyň özara baglanyşygyny kesgitlediler
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY