Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy

Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy

Ösen hasaplanýan ýurtlarda okamagyň we hasaplamagyň başlangyç endiklerine eýelik edýänleriň sany gitdigiçe azalýar, ýagny her bäşinji uly ýaşly ýönekeý tekste düşünmeýär hem-de sada matematika meselelerini çözüp bilmeýär. Özem soňky 10 ýylda ýagdaý has-da ýaramazlaşdy. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň geçiren ylmy barlaglarynyň jemleri güwä geçýär diýip, rg.ru ýazýar.

Ylmy-barlaglaryň awtorlarynyň bellemegine görä, YHÖG-nyň 31 ýurdunda geçirilen barlaglaryň netijesinde, soňky on ýylda ilatyň sowatlylyk derejesi diňe Finlýandiýada we Daniýada ösüş görkezdi, 19 döwletde bolsa, güýçli pese gaçdy. Sowatsyzlar, esasan, Polşada, Litwada, Günorta Koreýada, Täze Zelandiýada we Slowakiýada köp. Wengriýada, ABŞ-da, Awstriýada we Ysraýylda hem ýagdaý olaryňkydan gowy däl diýlip, habarda bellenýär.

Hasap babatda ýagdaý ýene elhal, diňe dokuz ýurtda, aýratyn hem Polşada we Litwada adamlar hasap-hesipden ýaramaz baş çykarýarlar. Finlýandiýanyň we Singapuryň baştutanlygynda sekiz ýurtda hasapdan baş çykarýanlaryň sany ösüş görkezdi.

Ýagdaýyň sebäpleri babatda alymlar anyk jogap berip bilmeýärler, olar muny daşary ýurtlardan göçüp gelýänleriň artmagy, bilim berlişiniň hiliniň ýaramazlaşmagy hem-de gajetleriň we sosial ulgamly internetiň täsiriniň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Germaniýa ýaly birgiden ýurtlarda bolsa, uly ýaşlylaryň hasabyna ýagdaý o diýen ýaramaz däl, ýagny bu ýurtlarda uly nesilde ýaşlar bilen deňeşdirilende, dil bilmek we matematiki endikler gowy diýlip, habarda nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Dünýäniň iň rahat ýurdy
2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy
Ýewropalylaryň öýde ýeke özi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy