Baky minnetdar Watan

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler.Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr.

Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär.Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Ýene degişli makalalar

Kitaphana syny
KITAPHANA SYNY
BILIMLI NESIL - KUWWATLY WATAN
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri