BILIMLI NESIL - KUWWATLY WATAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi.Sergide çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýandygyny, mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze binalarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu bilim derejesinde körpeler üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini hakynda nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, mekdebe çenli ýaşly körpeler bilen döwlet mekdebe çenli bilim edaralarynda geçirilýän bilim-terbiýeçilik işleri many-mazmun taýdan täzelenip, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine laýyk getirilýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.

Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.Kitap sergisi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çagalara kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berildi.

Sergä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy
Aşgabatdaky Päk service kärhanasy öý esbaplaryny gysga wagtda göçürmek hyzmatyny ýerine ýetirýär
Türkiýe, Ukraina Häzire Çenli 67 Konteýnerlik Insanperwer Kömegini Berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Göçme howa goranyş ulgamy SUNGUR TÝG-niň düzümine goşuldy