Balkan: Gara bazarda dollar, dükanlarda harytlar gymmatlaýar

Balkan: Gara bazarda dollar, dükanlarda harytlar gymmatlaýar

Balkanda dollaryň gara bazardaky nyrhy birden ýokarlandy. Bu waka, Türkmenbaşyda walýuta söwdagärleriniň ABŞ dollarynyň satuwyny wagtlaýyn togtatmagyna getirdi. Munuň bilen bir wagtda, şäheriň bazarlarynda harytlaryň bahalary ýene gymmatlap başlady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Gara bazarda dollar garşysyndaky hümmetini köp wagt bäri 19 manat 50 teňňe möçberinde saklap gelýän manat ýene hümmetsizlenýär. Iki günüň dowamynda 1 dollaryň bahasy 1 manat gymmatlady. 28-nji dekabrda gara bazar söwdagärleri 1 dollary 20 manat 50 teňňeden satyn alyp başladylar, ýöne satmaýarlar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza aýtdy.

Walýuta söwdagärleriniň aglabasy dollaryň satuwyny wagtlaýyn togtatmaklarynyň sebäbini manadyň hümmetini ýitirip, dollaryň has-da ýokarlanmagyna garaşýandyklary bilen düşündirýär.

“Gara bazarda 1 dollaryň 25 manat boljakdygy aýdylýar. Ýöne bu maglumat takyk belli däl. Muňa garamazdan, walýuta söwdagärleri diňe dollar ýygnaýar” diýip, türkmenbaşyly söwdagär aýtdy.

Dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýan Türkmenistan 2016-njy ýylyň başynda daşary ýurt walýutasynyň erkin söwdasyny çäklendirdi. Şondan soň ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi.

Gara bazarda walýutanyň bahasy, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, tapgyrlaýyn esasda telim esse ýokarlandy. Häzirki wagtda resmi we gara bazar nyrhlarynyň arasyndaky tapawut bäş esseden ýokary bolmagyna galýar.

Ýurtda rugsat berlen, nagt däl walýuta öwrülişigi Merkezi Bankyň kursy boýunça amala aşyrylýar, ýöne mundan raýatlaryň örän çäkli bölegi, şol sanda telekeçiler we talyplar peýdalanyp bilýär.

Balkandaky habarçymyz gara bazarda dollaryň birden ýokarlanmagynyň adamlarda we telekeçilerde alada döredýändigini hem aýtdy.

Bu aladalaryň arasynda, şäheriň bazarlarynda harytlaryň bahalary hem ýene gymmatlap başlady. Gymmatlamany hem ýerli, hem-de daşary ýurtlardan import edilen harytlarda görse bolýar.

“Geçen hepde 58 manat bahalanan 30 sany ýumurtga 62 manada ýokarlandy. 55 manatdan satylan şampunlar 63 manada, 100 manat bolan çilimler 126 manada, 131 manat bahalanan 3 kilogramlyk kir ýuwujy serişde 144 manada, 40 manat bolan diş pastalary 44 manada gymmatlady” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenbaşyda hususyýetçiler tarapyndan satylýan harytlaryň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaýlar barada habarçylarymyz 20-nji dekabrda maglumat beripdiler. Şonda 51 manat bahalanan 30 sany ýumurtga 58 manada, bir kilogramy 40 manat bahalanan towugyň bahasy 53 manada ýokarlanypdy.

Ýatlatsak, bu ýyldan tapawutlylykda, geçen ýylyň ahyrynda dollaryň gara bazardaky nyrhy birden 20% çemesi arzanlapdy. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi we aradan bir hepde çemesi geçen soň, dollaryň bahasy​ gaýtadan 20% çemesi gymmatlapdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy walýutanyň gara bazary we onda dollaryň bahasynyň gymmatlamagy ýa-da arzanlamagy barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýaşulylary agyr günde ýaşaýandygyny aýdýarlar
HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berýän bahasy türkmen hökümetiniň sanlaryna gabat gelmeýär
Aşgabatda walýutanyň bikanun satylýan nokatlarynda polisiýanyň barlaglary geçirildi, güýç ulanyyjylar “kriptowalýutaçylary” gözleýärler
Ýyllyk satuwy 5,25 milliard dollar boldy
Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy
Subsidirlenen iýmit önümleri kem-kemden gymmatlaýan mahaly, olaryň görnüşleri azalýar