Balkan welaýatynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezleriniň ikisi açyldy

Balkan welaýatynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezleriniň ikisi açyldy

Şu ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etraplarynyň Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş toparlarynyň edara binalary açylyp ulanylmaga berildi.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna içeri işler edaralarynyň, şol sanda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşulylar hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Açylyş dabaralarda myhmanlaryň çykyşlary diňlendi, aýdym-sazly tanslara we sahnalaşdyrylan çykyşlara tomaşa edildi, şeýle hem il sylagly ýaşulular täze, döwrebap binalaryň gurluşyk işlerinde tapawutlanan gurluşykçy-hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurdylar.

Täze desgalarda ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, olaryň tirkegleriniň tehniki ýagdaýyny anyklamak, dolandyryş, yşyklandyryş, duruzyş, tizlik ölçeýiş ulgamlarynyň işleýşiniň talabalaýyklygyny, hereketlendirijileriniň bölüp çykarýan gazynyň mukdaryny we onuň ekologik kadalara laýyklygyny barlamak işlerini ýokary hilli geçirmek hem-de maglumatlary ulaglaryň bitewi elektron ulgamynda hasaba goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem şu ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy'
Diňle: Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrik otly birleşdirer
Dowardarlar ot-iým ýetmezçiliginiň arasynda goýun-geçilerini gyşdan çykarmagyň aladasyny edýärler
Türkmenistanda aw ýaraglary gözlenýär we ilatyň elinden alynýar