Türkmenistanda aw ýaraglary gözlenýär we ilatyň elinden alynýar

Türkmenistanda aw ýaraglary gözlenýär we ilatyň elinden alynýar

Türkmenistanda häkimiýetler ilatdan aw tüpeňlerini ýygnamagyny dowam etdirýärler. Ýurtda aw awlamak kanun tarapyndan gadagan edilmeýär, emma käbir raýatlar üçin köp bolmadyk girdeji çeşmeleriniň biri awçylyga soňky ýyllarda ýol berilmeýär.

Türkmenistanyň günbatarynda, Balkan welaýatynda polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri ýerli ýaşaýjylaryň arasynda aw awlamak üçin ýaragy barlary kesgitlemek we ýaraglary ellerinden almak üçin çäre geçirýärler. Şu hepde Gyzylarbatda aw wagtynda birnäçe adam saklandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, howa şertleri kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň peýdasyna bolupdyr.

"Düýn gar ýagandan soň, polisiýa we MHM işgärleri aw wagtynda 15 töweregi ýerli ýaşaýjyny sakladylar, olaryň ýaraglaryny ellerinden aldylar. Awçylar towşan awlamaga çykypdy" diýip, Azatlygyň habarçysy 25-nji ýanwarda habar berdi. Ol saklanan awçylaryň arasynda Zaw, Garasenger we Ýaşlyk obalarynyň ýaşaýjylarynyň bolandygyny aýtdy.

Polisiýa işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, awçylardan 12.16 we 20 kalibrli aw tüpeňleri alnypdyr.

Türkmenistanda aw awlamak kanun tarapyndan gadagan edilmeýär, awçylara aw tüpeňini edinmäge we bellige goýmaga rugsat berilýär.

Öňki ýyllarda häkimiýetler aw awlamaga rugsat berlen möwsümler barada ilata resmi taýdan habar berýärdiler. 2020-nji ýylda adatça güýzde başlanan aw möwsümi resmi taýdan 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna geçirilipdi.

Emma şondan bäri häkimiýetler aw awlamaga rugsat bermediler we dilden edilen bu gadaganlygyny bozanlary yzarlap başladylar.Awçylardan resmi taýdan hasaba alnan ýaraglar konfiskasiýa edilip, häkimiýetler raýatlaryň elinde hasaba goýulmazdan galýan aw tüpeňlerini tapmaga we konfiskasiýa etmäge synanyşýarlar.

"Dördünji ýyl bäri aw etmek gadagan edilýär. Polisiýa köp wagtdan bäri adamlardan resmi hasapdaky ýaraglary ýygnady, ýöne henizem ýaragy bar we awyny dowam etdirýän awçylaryň köpdügi belli boldy" diýip, gyzylarbatly ýaşaýjy aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, polisiýa işgärleri aw bilen gyzyklanýan raýatlary yzygiderli gözleýärler, olary çagyryp, sorag edýärler we olarda ýaragyň bolup-bolmazlygyny anyklamaga synanyşýarlar.

Awçylaryň sözlerine görä, häkimiýetler birnäçe ýyl bäri aw awlamagy gadagan edýän hem bolsa, bahasy 1900 manada barabar (Merkezi Bankyň kursy boýunça - 542,8 ABŞ dollary - red.) möwsümleýin aw ygtyýarnamasy üçin yzygiderli töleg talap etmegini dowam etdirýärler.

"Pul alýarlar, ýöne awlamagy rugsat etmeýärler, ýaraglarymyzy gaýtaryp bermeýärler. Bizde hatda ok däri-de ýok. El ýüzünde bar bolan serişdelerden garyndy edip, elde ýasamaly bolýarys. Emma awçylyga zerurlyk bar, tilkiler, şagallar köpelip, towuklara, guzulara topulýar. Häkimiýetler ýyrtyjylara garşy hiç hili çäre görmeýär" - diýip, adynyň agzamazlygyny sorap gürleşen ýerli awçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilatdan aw tüpeňleriniň köpçülikleýin ýygnalmagy 2021-nji ýylyň tomsunda başlandy. Azatlyk bilen anonim gürleşen awçylaryň sözlerine görä, şonda polisiýa Awçylar jemgyýetiniň tas ähli agzalaryndan ýaraglary alypdyr, şeýle hem bellige alnan we hasaba alynmadyk ýaraglar ýerli awçylaryň ellerinden köpçülikleýin alnypdy.

Türkmenistanda aw tüpeňlerini saklamak we ulanmak gadaganlygy resmi taýdan yglan edilmändi. Häkimiýetler ýöredilýän gadagançylygyň sebäbini hem düşündirmediler.

15-nji ýanwarda “Turkmen.news” Ahal welaýatynda aw tüpeňleriniň köpçülikleýin konfiskasiýa edilendigi barada habar berdi.

Neşir Ahal welaýatyndaky reýdleriň 2023-nji ýylda Köpetdagyň eteginde bolan wakadan soň geçirilip başlandygyny habar berdi. Maglumatda prezident garawulynyň agzalarynyň öz ýaraglaryny polisiýa para berip yzyna alan awçylary tutulandygy aýdylýar. Şondan soň birnäçe aý bäri awçylardan tüpeňleri alnyp, olaryň öz emlägini meýletin tabşyrýandyklary barada arza ýazmaga mejbur bolýandygyny Türkmen.news habar berýär.

Neşir Türkmenistanda “Ýarag barada” 2009-njy ýylyň kanunynyň resmi taýdan ýatyrylmandygyna ünsi çekýär. Kanunda 18 ýaşyna ýeten raýatlara “ýarag edinmek, saklamak we götermek hukugynyň” göz öňünde tutulýandygy we munuň üçin Içeri işler ministrliginden ýarag satyn almaga rugsat alynmalydygy bellenýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

06.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Güýzki aw möwsümi ýanwara süýşürildi, balykçylar yzarlanýar, 'aýratyn' awçylaryň tüpeň sesi kesilmeýär
Salam, Ak gämi, ýa-da Çingiz Aýtmatowyň powesti Aşgabat sahnasynda
Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň ýagty ýadygärligine: durmuşyň metaforaly beýany
Nakgaş Ata Akyýew: metaforalar sungaty we dowamat dowam däpler