06.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamaly:

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanaly Baýramgulyýewiç Annadurdyýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryýargeldi Kakabaýewi,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň mehanizatory Mähti Amanyllaewi,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Bagşyýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Kaka etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Myradberdi Nurýagdyýewiç Rejepowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Hallarowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbaýram Hudaýberdiýewna Hallyýewany,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azatgylyç Garajaýewi,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ajyýap daýhan birleşiginiň kärendeçisi Elýas Hydyrowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Annamuhammet Aýdogdyýewiç Arbatowy,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sultan Seýitämedowiç Nyýazowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Guýanagyz daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Selimberdiýewany,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Galpakowiç Dadebaýewi,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Oguzboýy daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kuwat Baýramowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Begmurat Rejepgulyýewi,

Lebap welaýat häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Jumaberdiýewiç Ýoldaşewi,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemrakuly Haýtbaýewi,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy daýhan birleşiginiň kärendeçisi Allamurat Joraýewiç Orakowy,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Jumageldiýewany,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Dänew etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Rozymurat Begijanowy,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumamuhammet Garajaýewiç Baýramowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gülnahal Babajanowna Esenowany,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Bereket daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Amanowiç Janekowy,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Kakageldiýewiç Sahatowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Wekilbazar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Döwletmurat Berdigulyýewiç Annamuhomedowy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 5-nji noýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady
Oba hojalygynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi