Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy:

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanaly Baýramgulyýewiç Annadurdyýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çaryýargeldi Kakabaýew, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň mehanizatory Mähti Amanyllaýew, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Bagşyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Kaka etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Myradberdi Nurýagdyýewiç Rejepow, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Hallarow, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbaýram Hudaýberdiýewna Hallyýewa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azatgylyç Garajaýew, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ajyýap daýhan birleşiginiň kärendeçisi Elýas Hydyrow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Annamuhammet Aýdogdyýewiç Arbatow, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sultan Seýitämedowiç Nyýazow, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Guýanagyz daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Selimberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Galpakowiç Dadebaýew, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Oguzboýy daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kuwat Baýramow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Begmurat Rejepgulyýew, Lebap welaýat häkimliginiň Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary Jumaberdiýewiç Ýoldaşew, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hemrakuly Haýtbaýew, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy daýhan birleşiginiň kärendeçisi Allamurat Joraýewiç Orakow, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbibi Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Dänew etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Rozymurat Begijanow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Azalow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jumamuhammet Garajaýewiç Baýramow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Gülnahal Babajanowna Esenowa, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Bereket daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbandurdy Amanowiç Janekow, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Ýalkym daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Kakageldiýewiç Sahatow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Wekilbazar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Döwletmurat Berdigulyýewiç Annamuhomedow.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
06.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Oba hojalygynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi