Balkan welaýatyndaky ýod-bromly suw ýataklary özleşdiriler

Balkan welaýatyndaky ýod-bromly suw ýataklary özleşdiriler

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Tersakan, Däneata, Etrek, Aladag we Çalja ýaly ýod-bromly täze suw ýataklary özleşdiriler.

Şu maksat bilen “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan ady agzalan bejerijilik häsiýetli suw ýataklary özleşdirmek üçin tehniki-ykdysady esaslary işläp taýýarlamak boýunça halkara tenderi yglan etdi. Degişli tenderiň bildirişi “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi.

Tendere gatnaşmak üçin oňa gatnaşyjynyň doly adyny görkezýän we gatnaşmak islegini beýan edýän ýazuw görnüşindäki arzanyň tebşyrylmagy zerurdyr.

Mundan daşary, goşulan baha üçin salgydy hasaba almazdan, tender resminamalarynyň toplumyny almak üçin 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) ABŞ dollary ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kesgitlän bahasyna barabar manat serişdeleriniň (Türkmenistanyň raýatlary üçin) tölenmegi zerurdyr.

Tender üçin teklipler bildirişiň çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýazgy görnüşinde kabul edilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar
Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär
Balkan welaýatynda kaustik we kalsinirlenen soda öndürýän zawod gurlar