Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli iki sany optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar.

Makalada bellenilişi ýaly, bar bolan aragatnaşyk ulgamlary gowulandyrmak we täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek meýilleşdirilýär. Mämmethan Çakyýewiň makalasynda bu ulgamyň Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesi bilen Gazagystanyň Temir-baba şäherçesiniň arasynda, şeýle hem Balkanda ýerleşýän Etrek etraby bilen Eýranyň Kummet-Kowus şäheriniň arasynda çekiljekdigi bellenilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleri iki ýurduň aragatnaşyk operatorlarynyň üsti bilen Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça süýüm-optiki aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýeçilik etmek we ulanmak barada Ylalaşyk baglaşdylar.

Makalada habar berilmegine görä, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenbaşy we Siýazan şäherlerini birleşdirmäge, şeýle hem diwersifikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr telekommunikasiýa ugurlaryny gowulandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Meýilnamada sanly ykdysadyýete geçmek, “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek, sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalyna sanly hyzmatlary döwürleýin ýerleşdirmek, bar bolan kadalara üýtgetmeler girizmek bilen baglanyşykly anyk ugurlar hem-de ýerine ýetirijiler we ýerine ýetirilmeli çäreleriň wagty kesgitlenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Mämmethan Çakyýew: “Türkmenistan ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär”
Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy