Türkmenistan serhetlerinde synag awtoulag daşamalarynyň düzgünini uzaldýar

Türkmenistan serhetlerinde synag awtoulag daşamalarynyň düzgünini uzaldýar

Türkmenistan serhetlerindäki barlag-geçiriş nokatlaryndan awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat bermek düzgünini uzaltdy. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentligi öz resmi saýtynda habar berýär.

Hususan-da, Sarahs ― Sarahs, Artyk ― Lütfabat we Garabogaz ― Temirbaba gözegçilik geçiriş ýerlerinden 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýratyn görkezmä çenli awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat berlendigi habar berildi. Agentlik bu işleriň türkmen-eýran we türkmen-gazak gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinden halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda geçirilýändigini ýatladýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär
Multimodal ugur: Gruziýa ilkinji ýük otlusy bardy
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Türkmenistanyň serhetlerinden awtoulag tirkegleri galtaşyksyz geçirilýär
Siriýada Terror Guşagy