Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar

Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar

Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda geçen ýylyň güýzünde ekilen, wagtynda gowy gögeriş alnan bugdaýyň ideg işleri guramaçylykly barýar. Welaýatda bugdaýa ideg etmek, oňa ösüş suwuny tutmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, balkanly daýhanlar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.Welaýatyň oba hojalykçylary 2024-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar ýerden şu ýyl hem bol hasyl aljakdyklaryna pugta ynanýarlar.

Munuň üçinem olar bahar paslynyň häzirki jana şypaly, hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öňümizdäki orak möwsümine çenli bol hasyl ýetişdirmegiň aladasyny edýärler.

Jogapkärli işler welaýatyň Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly, Esenguly, Etrek etraplarynda has-da göwnejaý ýola goýlupdyr. Sebitiň ekin dolanyşygyndaky ýerleriň haşal otlardan arassaçylygyna-da aýratyn üns berilýär. Alyslara ýaýylyp ýatan meýdanlarda deslapdan taýýarlanylan gerbosidlerem kadaly ulanylýar.

Möwsümleýin işlerde Balkanobahyzmat önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da gaýratlylyk görkezýärler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'
Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Magtymguly ýylynyň nyşany we 10$. Türkmenistan uruş weteranlaryny 'sylaglady'
Balkanda döwlet üçin sogan eken kärendeçiler 'uly zyýana galýar'
Döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
Aşgabatly komissiýa Balkanly lukmanlaryň görkünde kemçilik gördi, lukmanlar täze geýim almaga mejbur edilýär