Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar

Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar

Balkan welaýatynda döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýeralma tohumy üçin nobatdaky gezek pul ýygnalýar.Mugallymlar ozal hem ujypsyz bolan zähmet haklaryndan her aý 30%-niň toplanýan pullara gidýändigini aýdyp, häkimiýetleriň bu çärelerinden halys irendiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, welaýat bilim müdirligindäki ygtybarly çeşmämiz sebitde daşary ýurtlara işlemäge gidýän bilim işgärleriniň sanynyň köpelýändigini aýtdy.Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Geçen hepde Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 9-njy we 14-nji mekdepleriniň mugallymlaryndan we hojalyk işçilerinden 60 manatdan pul ýygnaldy. Mekdep müdirleri munuň ýeralma tohumyny satyn almak üçin toplanýandygyny aýtdylar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly mugallym anonim şertde gürrüň berdi.

Pul serişdesi diňe Türkmenbaşynyň däl, eýse Balkanabat, Bereket we Gyzylarbat şäherleriniň býujet işgärlerinden hem ýygnalýar. Pul ýygnamak çäresi iki hepde bäri dowam edýär.

“Sebitde býujetden aýlyk alýan hukuk goraýjy edaralardan başga tas ähli edara-kärhanalarda, şol sanda mekdeplerde, deňiz portunda, häkimliklerde, banklarda, saglygy saklaýyş edaralarynda işgärlerden pul toplanýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatyna görä, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary fewralyň ortasynda ýazlyk ýeralma ekişine badalga berdiler. Şu ýyl ýurt boýunça 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek göz öňünde tutulýar.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ýygnalan pullary özüne degişli häkime tabşyrýarlar. Bu häkimler hem serişdäni welaýat häkimine geçirýärler.

“Welaýat häkimligi bu pula ýeralma tohumyny satyn alyp, ony Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynda döwlet plany boýunça bölünip berlen ýerlerde ýeralma ekmek üçin oba daýhanlaryna paýlap berýär” diýip, balkanly býujet işgäri belledi.

Käbir edara-kärhanalaryň resmileri döwletiň ýeralma borçnamasy üçin býujet işgärinden pul ýygnalmagynyň sebäbini welaýata Russiýanyň Wolgograd we Astrahan sebitlerinden köp mukdarda ýeralma tohumynyň gelendigi we onuň tölegini geçirmäge döwletde nagt pul serişdesiniň ýokdugy bilen düşündirýärler.

Azatlygyň bu barada Balkanyň resmilerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne býujet işgärleriniň ençemesi, hususan-da, pedagoglar hökümetiň peýdasyz gurluşyklara ummasyz maliýe serişdesini harçlap, ýurdy çökerendigini, öz borçlaryny raýatlaryň hasabyna amal edýändigini aýtdy.

“Köp mugallym 100 dollardan az aýlyga zähmet çekýär.Hojalyk işçileri 1100 manat, ýagny 55 dollar aýlyga güzeran geçirýärler.Mugallymlaryň köpüsi işden boş wagtlarynda bazarlarda el araba bilen ýük daşap, öý remont edip ýa-da awtoserwislerde ussalara kömek edip, goşmaça gazanç edýärler, bolmasa aýlyga güzeran görüp bolmaýar.

Sebäbi her aýlygymyzdan her aý 30%-ni toplanýan pullara gidýär. Çöken hökümet öz satyn almaly zatlarynyň köpüsini býujetçileriň boýnuna ýükleýär” diýip, balkanly mugallym häkimiýetleriň pul toplamak çärelerinden halys irendigini belledi.

Bu aralykda, welaýat bilim müdirligindäki ygtybarly çeşmämiz sebitde mugallymçylyk kärini taşlap, daşary ýurtlara işlemäge gidýän bilim işgärleriniň sanynyň köpelýändigini aýtdy.

“2023-nji ýylyň dowamynda balkanly mugallymlaryň 350 sanysy öz arzasy bilen işden çykyp, Slowakiýa, Polşa, Germaniýa we Russiýa döwletlerine işlemäge gitdi. Olaryň ählisi Türkmenistandaky iş şertlerine çydaman, berilýän aýlyklaryň azlygy sebäpli has gowy gazanjyň, durmuşyň gözleginde daşary ýurtlara gitdi” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu barada welaýat bilim müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul toplanýar. Olar edara-kärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek, prezidentiň portretini we şygarlary çalyşmak, sport eşiklerini we tigir satyn almak, tebigaty goramak, pagta ýygymy ýaly maksatlar üçin pul bermäge mejbur edilýärler.

Pul goşandyny goşmakdan boýun gaçyranlar köplenç gorkuzmalara sezewar edilip, olara işden çykarylmak haýbaty atylýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we resmi media bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda aw ýaraglary gözlenýär we ilatyň elinden alynýar
Bazarlardaky bahalar ilatyň gapjygyna agram salýar
Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
A. S. Puşkin adyndaky teatryň işleri Astrahanyň we Wolgogradyň sahnalarynda görkeziler
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär