Balkan Ýurtlaryna Ýanwar Aýynda 1 Milliard 450 Million Dollarlyk Haryt Eksport Edildi

Balkan Ýurtlaryna Ýanwar Aýynda 1 Milliard 450 Million Dollarlyk Haryt Eksport Edildi

Balkan ýurtlaryna edilen eksport ýanwar aýynda geçen ýylyň ýanwar bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artyp 1 milliard 450 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Albaniýany, Bosniýa-Gersegowinany, Horwatiýany, Garadagy, Kosowany, Demirgazyk Makedoniýany, Ruminiýany, Serbiýany, Sloweniýany we Gresiýany öz içine alýan Balkan ýurtlaryna 2023-nji ýylyň birinji aýynda 1 milliard 450 million dollarlyk haryt eksport edildi.

Eksport sanawynda 444 million 404 müň dollar bilen Ruminiýa esasy orun eýeledi.

Eksport sanawynda 306 million 514 million dollar bilen Bolgariýa ikinji, 187 million 673 müň dollar bilen Gresiýa üçünji, 153 million 550 müň dollar bilen Sloweniýa dördünji we 114 million 452 müň dollar bilen Serbiýa bäşinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri
Hakan Fidan Demirgazyk Makedoniýada Saparda Bolýar
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy