Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi

Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi

Türkiýeden geçen ýyl 96 ýurda fystyk eksport edildi.

Günorta Gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýeden 2023-nji ýylda 150 million 906 müň dollarlyk fystyk eksport edildi.

2024-nji ýylda fystyk eksporty 52 göterim artyp 229 million 777 müň dollara barabar boldy.

Geçen ýyl Germaniýa, Italiýa, Gazagystan, Yrak, Gyrgyzstan, Hytaý, Täjigistan, Britaniýa, Albaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan, Türkmenistan, Şweýsariýa, Ispaniýa, Polşa, Malta, Gana, Ýaponiýa, Kuba, Ruminiýa we Norwegiýa bilen birlikde 96 ýurda fystyk eksport edildi.

Eksport sanawynda Germaniýa 49 million 409 müň dollar bilen birinji, 47 million 523 müň dollar bilen Italiýa ikinji, 12 million 108 müň dollar bilen Gazagystan üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Albaniýa, Portugaliýa we Filippinler respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny