Balkanda býujetciler pagta meýdanlaryna äkidilýär ýa-da pul tölemäge mejbur bolýar

Balkanda býujetciler pagta meýdanlaryna äkidilýär ýa-da pul tölemäge mejbur bolýar

Balkan welaýatynda pagta ýygym kampaniýasy batlanýar. Pagta meýdanlarynda dynç günlerinde hem ýygymçy köp, olaryň ençemesi bu işe mejbury çekilen adamlar.

Dynç günlerini pagta meýdanlarynda geçiren balkanlylar welaýatyň dürli býujet edaralarynyň işgärleri. Azatlygyň ýerli çeşmelerine görä, olaryň arasynda Balkanabat şäheriniň, Gumdag, Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň tas ähli býujet edaralarynyň işgärleri bolupdyr.

Emma çeşmeler býujetçileriň bu oba hojalyk işlerine gatnaşmagynyň tertibiniň kesgitsiz galýandygyny belleýärler.

"Pagtanyň ýygym nyrhy, ýygymçy býujetçileriň iş şertleri heniz häkimlik tarapyndan belgilenmedi" diýip, balkanly çeşme aýdýar.

Çeşmeler şu günler döwlet edaralarynda hem işgärleriniň pagta ýygyma goşant goşmagy, hem-de olaryň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin çäre görülýändigini belleýärler.

"Prokuraturanyň, kazyýetiň işgärleri, kanun goraýjy edaralaryň ofiserleri we garawuldyr-tämizçi işgärleri, sürüjileri we bagbanlary pagta ýygymy üçin hakyna adam tutmaly edildi" diýip, Balkanyň kanun goraýjy edaralarynyň birinde işleýän çeşme aýtdy.

Türkmenistanda býujet edaralaryň işgärleri pagta ýygmaga ýa-da özlerine derek hakyna tutulan ýygymçynyň işini tölemäge birnäçe ýyl bäri mejbur edilýär. Soňky aýlarda oba hojalyk işlerini maliýeleşdirmek talabyna hususy telekeçiler hem ýygy-ýygydan mejbur edilýär.

"Balkanyň ähli bazarlaryndaky telekeçiler hem pagta ýygyma hakyna adam tutmak üçin 100 manatdan bazarkomlara pul berdiler" diýip, bakanly işewür gürrüň berdi.

Balkanly häkimiýetler pagta meýdanlaryna has köp adam ibermek we iş güýji bilen üpjün etmek boýunça görýän çäreleriniň arasynda ýollarda polisiýa işgärleri taksi sürüjilerden paç alýar.

"Şu gün Bereket we Gyzylarbat pagta meýdanlaryna goşant goşmak maksadynda ýol polisiýasy bu etraplary kesip geçýän Aşgabat-Türkmenbaşy awtomagistraldan gatnaýan taksiçilerden 50 manat möçberde paç almagy ýola goýdular.

Sürüjiler Gyzylarbat gözegçilik nokadyna pagta üçin 50 manat paç berse, postdaky ýol polisiýa öz goly bilen belgi goýup, kiçi kagyz berýär.Bereket gözegçilik nokadynda hem 50 manat alynsa, sürüjilere kagyz berilýär.

Olardan welaýat çäginde başga pul soralmaýar.Günüň dowamynda bir sapar pul alynýar" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Balkan welaýatyndaky çeşmeler şeýdip, pagta meýdanlaryndaky hasyly ýygnamak üçin ýeterlik iş güýjüniň üpjün edilýändigini gürrüň berdiler. Emma pagta meýdanlarynda mugt iş güýji hem ulanylýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanly polisiýa işgärleri dürli administratiw bidüzgünçilikler sebäpli saklanan adamlaryň pagta ýygýandygyny habar berdiler. Olaryň arasynda içerki migrantlar hem bar. Türkmenistanyň dürli ýerlerinden baryp, Balkan welaýatynda zähmet çekýän we dokumentleri düzüw bolmadyk türkmenistanlylar saklanýar we pagta ýygyma alynyp gidilýär.

Mundan öň balkanly býujet işgärleri abatlaýyş we otag işlerine gatnaşmaga mejbur edildi.

Mugallymlaryň tas ählisiniň mugt iş güýji hökmünde mejbury işlere çekilendigi Azatlyk Radiosyna geçen aýda mälim bolupdy. 1-nji iýulda bolan bu ýagdaý umumy bilim berýän orta mekdeplerde bilim we terbiýeçilik işgärleriniň 45 günlük kanuny zähmet dynç alyş möwsüminiň başlan wagtyna gabat gelipdi.

Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy üçin ýyllarboýy tankyt edilýär.

2021-nji ýylda Halkara pagta kampaniýasy (Cotton campaign) Ýewropa Komissiýasyndan Türkmenistandan pagta eksportyny gadagan etmegi sorady.

2018-nji ýylda ABŞ-yň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi. Ondan öň 2016-njy ýylyň dowamynda dünýä belli “H&M”, “IKEA”, “Adidas”, “Esprit” ýaly global brendleriň ençemesi mejbury zähmeti ulanýan Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwrüpdi.

Her ýyl 1 million 250 müň tonna pagta öndürýändigini yglan edýän Türkmenistanda pagta ýygyma döwlet edaralarynyň işgärleri, esgerler, studentler we hatda çagalar gatnaşdyrylýar. Ýurtda çagalaryň pagta ýygyma çekilmegine kanuny gadagançylyk bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramasy ÝB-den türkmen pagtasyna gadagançylyk girizmegi soraýar
Garaşsyzlyk baýramynda mugallymlara we okuwçylara mejbury pagta ýygdyryldy
Global markalar türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrylýar
Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady
16.07.2018 | Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna dokma senagatynyň goşandy