Halkara guramasy ÝB-den türkmen pagtasyna gadagançylyk girizmegi soraýar

Halkara guramasy ÝB-den türkmen pagtasyna gadagançylyk girizmegi soraýar

Halkara pagta kampaniýasy (Cotton campaign) Ýewropa Komissiýasyndan Türkmenistandan pagtanyň eksportyny gadagan etmegi sorady. Gurama bu çagyryşy 21-nji dekabrda ÝK-nyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň adyna ýazan hatynda öňe sürýär.

"Türkmenistandaky ýagdaý, importyň gadagan edilmegini aç-açan gyssagly talap edýär. Önümler Türkmenistanda pagtanyň mejbury zähmet bilen öndürilmegi sebäpli zaýalanýar.Her ýyl pagta hasylyň ýygnalýan wagtynda Türkmenistanyň hökümeti on müňlerçe adamy zorlaýar.

Döwlet býujet pudagynyň işgärlerini pagta ýygnatmak we döwlet işgärlerinden pul talap etmek arkaly hasyl çykdajylarynyň öwezini dolýar.Hökümet pagta önümçiligine doly gözegçilik edýär we daýhanlary ýitgileriň öwezini dolmaga mejbur edip, jezalandyrmak haýbatyny atýar we resmi önümçilik kwotalaryny ýerine ýetirýär" diýlip, hatda aýdylýar.

Geçen hepde Ýewropa Parlamentiniň 300-den gowrak wekili "türkmenleriň we uýgurlaryň gulçulygynda öndürilen" önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň çägine import edilmegini gadagan etmäge çagyrdy. Bu barada “Turkmen.news” neşiri Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene iberilen hata salgylanyp, habar beripdi.

Türkmenistanda mejbury zähmetiň soňuna çykmak ugrunda tagalla edýän Halkara pagta kampaniýasy Ýewropa Komissiýasynyň başlygyna ýazan hatynda ýewropanyň syýasatçylarynyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky şol çagyryşyny goldaýandygyny belleýär.

"Mejbury zähmetiň ulanylmagynda öndürlen önümleri Ýewropanyň bazarlaryna gelmegini gadagan edýän kanunyň Türkmenistanyň hökümetine basyş etmek we döwletiň pagta önümçiliginde ornaşdyran mejbury zähmet sistemasyny reformirlemek üçin iňňän uly ähmiýeti bar" diýlip, hatda aýdylýar.

Şeýle-de, hatyň awtorlary Türkmenistan babatynda gadagançylygyň gyssagly bolmalydygyny nygtaýarlar we Türkmenistanda ýagdaýa aç-açan syn etmek we kadaly zähmet şertlerini talap etmek üçin graždan jemgyýetiniň ýokdugyny aýratyn belleýärler.

Gurama türkmen önümleriniň çylşyrymly we düşnüksiz global üpjünçilik zynjyrlary arkaly Ýewropanyň bazarlaryna barýandygyny belleýär.

Maglumatda, Global Söwda sanlaryna esaslanyp, 2020-nji ýylda ÝB-niň bahasy 7,5 million ýewrodan gowrak pagtany import edendigi we göni Türkmenistandan 5 million ýewro möçberde dokma önümleriniň barandygy aýdylýar we bu sanlaryň başga ýollar arkaly baran türkmen pagtasynyň önümlerini öz içine almaýandygy bellenýär.

Halkara pagta kampaniýasy bu ýagdaýyň ÝB-niň dokma we egin-eşik kompaniýalarynyň üpjünçilik zynjyryny aýratyn töwekgelçilige salýandygy, sebäbi Türkiýäniň ÝB-niň dokma önümleriň importynda üçünji orunda durýandygy, Türkiýäniň eksportynyň 20%-niň bolsa dokma önümleridigi aýdylýar. Bu türkmen önümlerine ýol açyp, mejbury zähmeti ulanýan türkmen hökümetine jogapkärçilikden sypmaga mümkinçilik berýär diýlip, hatda bellenýär.

Halkara guramalary Türkmenistanyň öz içinde öndüren pagtasyny Türkiýäniň üstünden dünýä bazaryna çykarýandygyny öň habar beripdi.

Dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan "Anti-Slavery International" hukuk goraýjy guramasynyň, hususan-da 2019-njy ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýändigi habar berlipdi.

2016-njy ýylyň dowamynda dünýä belli Şwesiýanyň “H&M” we “IKEA”, şeýle-de “Adidas”, “Esprit” ýaly global markalar, şol sanda sermaýaçylardan, biznes jemgyýetlerinden, kärdeşler arkalaşyklaryndan hem-de hukuk goraýjy toparlardan düzülen 60 töweregi wekil Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça çykyş etdiler.

ABŞ-yň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler. Türkmenistan öz adyna edilýän bu tankytlara resmi derejede reaksiýa görkezmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Garaşsyzlyk baýramynda mugallymlara we okuwçylara mejbury pagta ýygdyryldy
Global markalar türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrylýar
Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar