Balkanda çilimiň bahasy 25% ýokarlandy

Balkanda çilimiň bahasy 25% ýokarlandy

Balkan welaýatynda daşary ýurtlardan import edilýän çilimleriň bahasy birden 25% çemesi gymmatlady. Telekeçiler duýdansyz gymmatlamanyň sebäplerini aç-açan düşündirmezden, bahalaryň özleri tarapyndan kesgitlenmeýändigini aýdýarlar.

"Şenbe güni Türkmenbaşy şäheriniň hususy dükanlarynda mundan ozal 110 manatdan satylan çilimler 140 manada ýokarlandy. Öň 80 manatdan bahalanan çilimler 110 manada, 90 manatdan satylan çilimler 125 manada we 110 manat bolan çilimler 150 manada gymmatlady" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji noýabrda gürrüň berdi.

Ýurtda import çilimleriň bahasynyň nobatdaky gezek gymmatlamagy Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgydyň möçberiniň artdyrylmagyndan dört aý soňa gabat geldi.

Ýöne ýerli telekeçileriň ençemesi häzirki gymmatlamanyň salgydyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly däldigini aýdýar. Olaryň sözüne görä, gürrüňi edilýän çilimler ýokary derejeli döwlet emeldarlaryna ýakyn adamlar tarapyndan ýurda import edilýär. Bu adamlaryň söwdasyna döwlet tarapyndan ýeterlik gözegçilik bolmansoň, olar bu çilimlere öz islegine görä baha kesýärler.

"Telekeçiler hem çilimleri gymmat bahadan satyn alýarlar. Biz gazanç etmek üçin üstüne bir-iki manat goşup satmaly bolýarys. Bahalar ýa-da gymmatlamalar biz tarapyndan kesgitlenmeýär" diýip, ýerli telekeçi aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, döwlet dükanlarynda köplenç tapdyrmaýan çilimleriň düzümindäki nikotiniň derejesi 0,3 mg deň. Hususy dükanlarda bikanun esasda, ýagny ygtyýarnamasy bolmadyk telekeçiler tarapyndan satylýan çilimleriň düzümindäki nikotiniň derejesi 0,7 mg barabar. Şol sebäpli köp adam bu çilimleri satyn almaga ýykgyn edýär.

Ýöne import edilýän temmäki önümleriň gymmatlamagy we döwlet dükanlarynda çilimiň köplenç tapdyrmazlygy çilime tabyn adamlaryň maşgala býujetiniň barha peselmegine getirýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri öz alýan aýlygynyň 1500 manada golaýdygyny we onuň azyndan ýarysyny çilime sarp etmeli bolýandygyny aýdýar.

"Çilimi taşlamak üçin döwlet tarapyndan ýeterlik çäre-de görülmeýär. Dermanhanalarda çilime garşy ýörite plasterler hem satylmaýar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

2016-njy ýylyň martynda Türkmenistanda kabul edilen karara laýyklykda, çilim söwdasynyň ähli ygtyýarlyklary ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Şondan soňra hususy dükanlarda temmäki önümleriniň söwdasy doly diýen ýaly gadagan edilip, döwlet dükanlarynda käte çäkli möçberde ýola goýuldy. Muňa garamazdan, hususy dükanlarda çilimiň bikanun söwdasy gülläp ösdi.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri döwletiň çilim söwdasyna girizen monopoliýasynyň köp adam üçin uly çykdaja, käbirleri üçin ullakan girdejä öwrülendigi barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdiler.

Türkmenistanda import edilýän çilimleriň gymmatlandygy barada Azatlyk soňky gezek awgust aýynda habar beripdi. Şonda Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz ozal 55 manatdan satylan çilimleriň bahasynyň birden 65-70 manada ýokarlanandygyny aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanyň häkimiýetleri kafelere duýduryş paýlap, “soňky jaň” oturyşlyklarynyň öňüni almaga çalyşýar
Aşgabatda möwsümleýin dümew keseliniň täze tolkuny ýaýraýar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy: türgenler we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin harytlar
Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Daşoguzda täze saglyk öýüne işe girjeklerden “müňlerçe dollar para soralýar”