Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy

Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Döwlet telewideniýesine reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin geçirilen çärä ýüzlerçe adam mejbury-meýletin gatnaşdyryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşyda köçeleriň ençemesi ýapylyp, hereket çäklendirilip, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirilýär. Bu çäre telewideniýe üçin ýazgy edilýär. Adamlaryň sany şeýle bir kän welin, hamala, Türkmenistan köpçülikleýin welosiped ýörişi boýunça dünýä rekorduny goýup, taryha girmegi maksat edinýäne meňzeýär” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýörişe döwlet edara-kärhanalarynyň tas ählisiniň işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. Olaryň arasynda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň işgärleri bilen bir hatarda, polisiýa işgärleri hem bar.

“Adatça bolşy ýaly, çärä gatnaşmakdan ýüz öwren býujet işgärlerine işden kowulmak haýbaty atylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly bilim işgäri anonim şertde aýtdy.

Welosipedli ýörişe mekdep okuwçylary hem gatnaşdyryldy. 3-nji aprelde irden şäher we etrap mekdepleriniň tas ählisinde ýokary synplarda okaýan okuwçylar birinji sapakdan soňra öýlerine goýberildi.

“Okuwçylardan 1 sagadyň içinde sport lybasynda çäräniň geçýän ýerine welosipedli barmak talap edildi” diýip, bilim işgäri aýtdy.

Türkmenbaşyly býujet işgärleriniň ençemesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda ýörişde ulanylýan welosipedleriň aglabasynyň öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn alnandygyny aýtdy.

“Welosipedler üçin, işgärleriň sanyna görä, her edaradan dürli möçberde pul ýygnaldy” diýip, türkmenbaşyly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmedi.

Bütindünýä saglyk güni 7-nji aprelde bellenilýär. Ýöne türkmen häkimiýetleri bu gün mynasybetli ýurtda köpçülikleýin çäreleriň eýýäm 1-nji aprelden geçirilip başlanmalydygyny martyň ahyrynda yglan etdiler.

“Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1-7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar” diýip, TDH bu barada Ministrler kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde aýdylandygyny belleýär.

Şeýle-de resmi media prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli döwlet ýolbaşçylaryna köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrandygyny hem nygtaýar.

Habarda bu çärelere umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleriniň, türgenleriň işjeň gatnaşjakdygy bellenilýär. Ýöne maglumatda çärelere býujet işgärleriniň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada hiç zat aýdylmaýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin welosiped sürmek çäresini geçirýärler. Indi 10 ýyl çemesi wagt bäri geçirilýän bu çärä býujet işgärleriniň we talyplaryň müňlerçesi mejbury gatnaşdyrylýar.

Mundan başga-da, şol güni ýurduň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

Türkmen hökümeti şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, şeýle-de, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmäge ýardam edýändigini aýdýar.

Bu öňe sürmeleriň arasynda, türkmen hökümeti halkara hasabatlarda daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmekde tankyt edilip, dünýäde howany hapalaýan esasy ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi
Parižde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köçeleri ýapyp, hereketi çäklendirip, mejbury ýörişler bilen belledi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär