Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”

Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”

Türkmenistanda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda guralan ýörişlere müňlerçe adam gatnaşdy.

Resmi media bu ýörişleriň “uly ruhybelentlikde geçirilendigini” aýdýar. Emma Azatlyk Radiosynyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary olara býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylandygyny, ýörişleriň maddy çykdajylarynyň býujetçileriň "gerdenine ýüklenilendigini" habar berýärler.

“7-nji aprelde, ýagny dynç gününde edara-kärhanalaryň işgärleri irden sagat 6-da ýörişiň başlanjak ýerine barmaly boldular. Ýöriş zerarly Mary şäheriniň Mollanepes we Kemine köçeleri sagat 9-a çenli ýapyk galdy. Çäre döwlet telewideniýesi üçin ýazgy edildi” diýip, Marydaky habarçymyz 8-nji aprelde aýtdy.

Ýörişe diňe welosipedçiler däl, eýsem meýletin-mejbury janköýerler hem gatnaşdyryldy. Olar ýörişiň badalga alýan ýerinde, şeýle-de, onuň geçýän köçeleriniň ugrunda durmaga mejbur edildi.

“Janköýerlik etmek üçin her edara-kärhanadan 10 adam gatnaşdyryldy. Orta mekdeplerden hem, uzyn boýly we ene-atasy döwlet edara-kärhanalarynda işleýän okuwçylar saýlanyp alyndy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli bilim işgäri anonim şertde aýtdy.

Habarçymyz bu çärä ene-atasy döwlet edara-kärhanalarynda işleýän okuwçylaryň saýlanyp alynmagynyň sebäbiniň janköýerlerden sport eginbaşlaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almagyň talap edilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Mekdep ýolbaşçylary döwlet edaralarynda işleýän ene-atalaryň edilýän talaplardan boýun gaçyryp bilmejekdiklerini bilip, olaryň çagalaryny ýöriteläp saýlap alýarlar. Sebäbi çärä gatnaşýanlaryň sport egin-eşikleriniň, krasowkalarynyň ak bolmalydygy barada häkimlik tarapyndan buýruk berildi. Mugallymlar bu barada ene-atalary çäreden bir gün öň habarly etdiler” diýip, bilim işgäri belledi.

Mundan başga-da, adatça bolşy ýaly, ýörişde ulanylan welosipedleriň aglabasy hem býujet işgärleriniň maddy serişdesiniň hasabyna satyn alyndy.

Maryly býujet işgärleriniň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, her bir edarada azyndan alty welosiped satyn alyndy.

“Bu welosipedler üçin, edaradaky işgärleriň sanyna görä, dürli möçberde pul ýygnalyp, çykdajylar ýene býujetçileriň gerdenine ýüklendi” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde aýtdy.

Welosipedli ýöriş Lebabyň Türkmenabat şäherinde geçirilip, lebaply býujet işgärleri hem maryly kärdeşleriniň başdan geçiren ýagdaýlary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

“Ýöriş Amyderýa köprüsinden tä Zelili köçesine çenli dowam etdi. Oňa şäheriň tas ähli edara-kärhanalaryndan býujet işgärleri, ýokary we orta hünär okuw jaýlaryndan talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy” diýip, Lebapdaky habarçymyz 8-nji aprelde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Resmi media 7-nji aprelde paýtagtda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen welosipedli ýörişe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, talyplaryň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň we beýlekileriň gatnaşandygyny habar berdi.

Türkmen hökümeti we mediasy şeýle çäreleriň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, şeýle-de, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak babatda habarlylygy ösdürmäge ýardam edýändigini aýdýar.

Bu öňe sürmeleriň arasynda, türkmen hökümeti halkara hasabatlarda daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmekde tankyt edilip, dünýäde howany hapalaýan esasy ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Türkmen häkimiýetleri, adatça, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde köpçülikleýin welosiped sürmek çäresini geçirýärler. Indi 10 ýyl çemesi wagt bäri geçirilýän bu çärä býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň müňlerçesi mejbury gatnaşdyrylýar. Olardan ýöriş üçin zerur bolan sport eşiklerini, köwüşleri we welosipedleri öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almak talap edilýär.

Şeýle-de, şol güni ýurduň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Tbiliside Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi geçirildi
Parižde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köçeleri ýapyp, hereketi çäklendirip, mejbury ýörişler bilen belledi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär