Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan burawlanylýan guýularyň sany artýar

Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan burawlanylýan guýularyň sany artýar

Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary diňe bir uglewodorod çig mallaryna baý meýdançalary tapmak bilen çäklenmän, ýerasty suw çeşmeleriniň, gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleri üçin çig mal ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini-de tutanýerli dowam etdirýärler. Bu işde Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasynyň zähmet toparlarynyň hem mynasyp paýy bar diýlip, Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Balkangidrogeologiýa ekspedisiýasynyň bölüm başlygy Gülälek Toýjanowa makalada öz alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berýär:

— Ýerasty suwlaryň uly ähmiýetini göz öňünde tutup, olar bilen baglanyşykly işleriň depginini güýçlendirmek, bu baýlygy degişli derejedäki gözegçilik astynda peýdalanmak gerek.Häzirki wagtda ýerasty Ýasga süýji suw ýatagynyň diňe dörtden bir bölegi ulanylýar.

Alymlardyr degişli hünärmenler onuň galan böleginiň gidrogeologik esasda öwrenilip özleşdirilmeginiň geljekde sebitiň halk hojalygynyň suw üpjünçiligini, takmynan, üç esse ýokarlandyrjakdygyny çaklaýarlar. Ýasgadan uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän Çilmämmetgum, Çerkezli ýerasty suw ýataklarynyň geologik we gidrogeologik şertleriniň özara meňzeşligini göz öňünde tutup, ol ýerlerde gözleg-agtaryş işleriniň ýola goýulmagy sebitiň agyz suw üpjünçiligini has ýokary derejä çykarar.

Makalada bellenilişi ýaly, Günorta Garagum ekspedisiýasynyň Kaspiýaka gidrogeologiýa bölümi bolan kärhana indi 35 ýyla golaý wagt bäri Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň düzüminde özbaşdak ekspedisiýa hökmünde iş alyp barýar.

Kärhanada 2023-nji ýylda täze dik guýularyň 83-sinde burawlaýyş işleri geçirilip, buýrujylara tabşyrylypdyr. Burawlanan umumy çuňluk 6 müň 353 pagon-metre deň bolup, bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 110 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Ýörite awtoulaglarda oturdylan buraw desgalary bilen burawlanan çuňlugyň 5 müň 747 pagon-metri meýilnamalaýyn, 606 pagon-metri şertnamalaýyn esasda özleşdirilipdir.

Ekspedisiýanyň meýdan-buraw toparlarynyň sebitiň dürli künjeklerinde burawlaýan dik guýularynyň çuňlugy 70 metrden 250 metre çenli baryp ýetýär. Ýanwar-fewral aýlarynda 840 pagon-metre derek 908 pagon-metrde meýilnamalaýyn geologiýa-barlag işleri geçirilip, tabşyryga 108 göterim amal edilipdir. Ýylyň ilkinji iki aýynda şertnamalaýyn esasda özleşdirilen işleriň möçberi bolsa 166 pagon-metre deňdir.

Şu ýylyň geçen hasabat döwründe burawlanan dik guýularyň sany 11-e ýetirildi diýlip, makalada bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Baker Hughes OGT-2023-iň kümüş hemaýatkäri boldy
“Lebapgazçykaryş” 11 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
Kanuny Burawlaýyş Gämisi, Türkali-1 Guýusynda Synaglaryna Başlady
“Agarguýy” tebigy gaz ýatagy işe girizildi
Kanuni Burawlaýyş Gämisi Ilkinji Synagyny Üstünlikli Tamamlady