Balkanyň metjitlerinde ogurlyk hadysalary hasaba alynýar

Balkanyň metjitlerinde ogurlyk hadysalary hasaba alynýar

Anna güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň baş metjidinde ogurlyk hadysasy boldy. Juma namazyny okamak üçin metjide baran käbir adamlaryň aýakgaplary, şeýle-de telefon we gapjyk ýaly el goşlary ogurlandy.

“Namaz okap, wagyz diňlemek üçin metjide gelen adamlaryň gymmatbaha aýakgaplary we el telefonlary, pullary ogurlandy” diýip, Juma namazyna baran Joşan aga (ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Metjitde el gapjygynyň we iki müň manada çenli pulunyň ogurlanandygyny aýdýan uly ýaşly dindar ýaşaýjy “Allanyň öýünde ogurlyk hadysalarynyň bolýandygyna özüniň gynanýandygyny” aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen hepdäniň anna güni şeýle hadysalaryň Balkanabadyň metjitlerinde hem hasaba alnandygyny habar berýär.

Türkmenbaşynyň metjidinde aýakgaby ogurlanan beýleki bir raýat “özüniň ýekeje aýakgabynyň bolandygyny” gynanyp, gürrüň berdi.

Metjitleriň ymamlary ogurlyk hadysalary boýunça ýerli polisiýa edarasyna ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Ýöne olar hem “netijeli iş görkezip bilmediler” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Kanun goraýjylar metjitlerdäki aýakgap ogrularyny anyklap bilmeýän mahaly, din wekilleri ybadathanalarda jenaýat hadysalarynyň artmagynyň "adamlary metjitlerden sowadýandygyny" aýdýarlar.

Bu aralykda, metjitlerde aýakgap tekjelerini täzelemek, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek barada ymamlara tabşyryk berilýär.

“Metjitlerde aýakgap goýulýan tekjeleriň ýanynda gulplanýan gutujyklary ýasatmak tabşyryldy” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Metjide barýan jemagatyň namaz wagtynda gapjyklaryny ýa-da el telefonlaryny gulplanýan gutujyklarda saklap bilmeklerini üpjün etmek tabşyrylypdyr.

Azatlyk Radiosy Balkanyň metjitlerindäki ogurlyk hadysalary boýunça Welaýat polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Balkanabatly bir polisiýa ofiseri Azatlygyň habarçysyna beren gürrüňinde geçen hepde metjitlerde hasaba alnan ogurlyk hadysalaryny tassyklady. Ol diňe bir metjitlerde däl, eýsem, köçelerde hem ogurlyk, talaňçylyk ýaly hadysalaryň köpelýändigini gürrüň berdi.

“Balkanabat şäherinde gijelerine ýa-da gündiz wagty ýeke barýan aýal-gyzlary talamak, olary gorkuzyp sumkalaryny we telefonlaryny talamak ýaly hadysalar has-da köpeldi” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurduň dürli sebitlerinde ogurlyk hadysalary köpeldi.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenabadyň dürli sebitlerinde ýerli ýaşaýjylar iri şahly mallarynyň, goýun we geçileriniň ogurlanmagy, öýlerindäki elektrik enjamlarynyň ogurlanmagy ýaly jenaýat hadysalary bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Şeýle-de, Azatlyk geçen ýylyň oktýabrynda Marynyň Baýramaly şäherinde çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalarynyň köpelendigi, sentýabrda Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki gabrystanda mazar daşlarynyň we demir haýatlaryň ogurlanýandygy, awgustyň ahyrynda Marynyň Peşanaly geňeşliginde bolan pagta ogurlygy, iýun aýynda Lebabyň Darganata etrabynda bolan dizel ogurlygy, aprel aýynda Marynyň restoranlarynyň birinde bolan iýmit ogurlygy barada habar berdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan jenaýat hadysalary boýunça resmi maglumatlary çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
ЗАЛОЖЕН ФУНДАМЕНТ ГЛАВНОЙ МЕЧЕТИ АХАЛСКОГО ВЕЛАЯТА
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Metjitlerde prezidentiň merhum enesine aýat-töwir okamak talap edilýär, toý çäreleri yza süýşürilýär
Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy
“Her molla öz bilenini okar”. Häkimiýetler döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalara basyş edýär