Iznik Keramikasy

Iznik Keramikasy

Türkiyäniň taryhy şäherleriniň biri bolan Bursa welaýatynyň Iznik etraby keramika sungatynyň iň ýokary nokady hökmünde häsiýetlendirilýän keramika önümçiligi bilen meşhurlyga eýedir.

Iznik keramikasy Iznik etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2004-nji ýylda Türkiyäniň gegrafiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Keramikanyň çig malynyň önümçiliginde kwarsdan başga-da, gum, palçyk we kremniý ulanylýar. Keramikanyň önümçiliginde nagyş dizaýnyndan başlaýan işler, palçygy agaç galyplara guýmak we guratmak bilen dowam edip, nagyş geçirmek, reňklemek, aýnalamak we bişirmek bilen tamam bolýar.

Önümçiligiň her bir tapgyry güýçli zähmet bilen ussatlygy talap edýär. Iznik keramikasy, türk keramikasynyň taryhynda uly tehniki täzeliklere eýedir.

Hytaýda 1300 dereje gyzgynlykda bişirilýän keramika, diňe Iznikde öndürilen täze garyndy bilen 900 derejede bişirilip öndürilýär.

Ýokary hili we täzeçil dizaýnlary bilen ünsleri özüne çeken Iznik keramikalary ilki bilen Osman imperiýasyndaky baý maşgalalaryň ünsüni özüne çeken bolsa, belli bir wagt soň bu ýurda gelýän daşary ýurtlularyň täsiri bilen Ýewropa ýurtlaryna eksport edilmäge başlandy.

Metjitler başda bolmak bilen binagärçilik gurluşlarynyň diwarlarynda ulanyýlan Iznik keramikasy, tabak, waza, küýze we suw gaplary ýaly önümleriň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ýaşrak dinçiler we hyjaply zenanlar pagta ýygmaga mejbur edilýär
Owganystanda Metjide Bombaly Hüjüm Guraldy
Milli köşklere ýylyň ilkinji 9 aýynda 5 milliondan gowrak adam gezdi
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Erdogan Waniköý Metjidiniň Açylyşyna Gatnaşdy