Milli köşklere ýylyň ilkinji 9 aýynda 5 milliondan gowrak adam gezdi

Milli köşklere ýylyň ilkinji 9 aýynda 5 milliondan gowrak adam gezdi

Milli Köşkler edarasyndan berilen beýanata görä 2022-nji ýylda 4 million 860 müň 117 adamyň gezelenç edip gören köşklere, pawilionlara we muzeýlere 2023-nji ýylda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerler boldy.

Syýahatçylaryň üns merkezinde bolan Topkapy köşgüni 2 million 570 müň adam, Dolmabahçe köşgüne 1 million 30 müň 685 adam gezelenç etdi.

Beýlerbeýi köşgüne şu ýyl 38 göterimlik artyş bilen 384 müňe golaý syýahatçy, Küçüksu köşgüne 149 müň adam gelip gördi.

Çamlyja Metjidi kompleksiniň içinde ýerleşýän we açylan gününden bäri mugt bolan Yslam medeniýetler muzeýine şu ýyl 665 müň 263 adam baryp gördi.

Beýkoz Jam we Billur muzeýine bolsa 109 müň 679 adam baryp gördi. Şeýlelik bilen Milli köşklere ýylyň ilkinji 9 aýynda gezelenç edip görenleriň sany 5 million 278 müň 177 adama ýetdi.

Milli köşklere gezelenç edip gören daşary ýurtly syýahatçylaryň sany bolsa 2 million 120 müň 459-dan, 2 million 202 müňe ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ahallylar Arkadagda gurulýan 'iň uly metjide' çykarylýan çykdajydan 'nägile bolýar'
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Iznik Keramikasy
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Erdogan Waniköý Metjidiniň Açylyşyna Gatnaşdy
Aşgabatda geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda täze tapyndylar ýüze çykaryldy we beýleki habarlar