Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär

Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär

Şu günler Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň ähli bölümleri barlanýar. Bu barlaglar Pensiýa gaznasynyň Aşgabatdaky edarasy tarapyndan iberilen ýörite işgärler topary tarapyndan geçirilýär. Barlaglaryň netijesinde, raýatlara pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň ýalňyş hasaplanylandygy aýdylýar we olardan 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 11-nji oktýabrda sebitden maglumat berdiler.

“Pensiýa gaznasynyň Balkanyň ähli şäherlerindäki we etraplaryndaky bölümlerinde geçen hepdäniň başynda, ýagny 2-nji oktýabrda uçdantutma barlaglar geçirilip başlandy. Barlaglarda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan raýatlaryň ählisiniň resminamalary täzeden gözden geçirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky 5 ýyldaky arhiwleriň jikme-jik derňelmegi netijesinde sebitdäki raýatlaryň aglabasynyň pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň ýalňyş hasaplanylandygynyň üsti açyldy.

“Müňlerçe manat möçberindäki serişdäniň artykmaç berlendigi aýdylýar. Muňa hasapçylaryň pensiýalary we kömek pullaryny ýalňyş hasaplamagynyň sebäp bolandygy aýdylýar. Häzir munuň bilen bagly ençeme hasapçy bilen bagly kazyýet derňewi başladylyp, olaryň işi prokuratura geçirildi” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Sebit häkimiýetleri, şol sanda Pensiýa gaznasynyň resmileri bu ýalňyşlyklara nämäniň sebäp bolandygy barada ilata aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada Azatlygyň ýerli pensiýa gaznasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne çeşmämiz käte bu ýalňyşlyklara hasapçylaryň dykgatsyzlygynyň sebäp bolýandygyny aýdýar. Şol bir wagtda-da, ol ýurtda käbir adamlaryň pensiýa çykmaly wagty gelende, pensiýa gaznasynyň işgärlerine para berip, galp resminamalary düzetmegi bilen bagly ýagdaýlara hem duş gelse bolýandygyny belleýär.

“Olar has köp pensiýa almak maksady bilen, şeýle ýollara baş goşýarlar. Wagtal-wagtal geçirilýän uçdantutma barlaglarda bu nogsanlyklaryň üsti açylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Bu aralykda, pensiýa bölümleriniň işgärleri raýatlara pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň ýalňyş hasaplanylandygyny belläp, olaryň her birinden 5 müňden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmagy talap edýärler.

“Häzir pensionerlere bu karzlaryny 6 aýyň dowamynda döwlete doly gaýtarmalydygy we ýetirilen zyýany dolmalydygy duýduryldy. Olaryň işi hem prokuratura geçirildi” diýip, balkanly pensioner anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksiniň 42-nji maddasynda pensiýalaryň möçberleriniň gaýtadan hasaplanylmagynyň beýlekiler bilen bir hatarda, pensiýa bolan hukugy kesgitleýän resminamalardaky maglumatlaryň nätakyklygy (galplygy, görnetin ýalandygy) ýüze çykarylanda göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, pensionerler özleriniň 600 manat çemesi pensiýa alýandyklaryny aýdyp, karzy yzyna gaýtarmak üçin özlerine berlen wagt möhletiniň juda azdygyny belleýärler.

“Pensionerleriň aglabasynyň yzyna gaýtarmaly serişdesi olaryň bir ýyldaky pensiýasyndan hem köp. Häzir köp pensioner karz alyp artykmaç berlen serişdäni döwlete geçirmäge çalyşsa, olaryň ýene bir bölegi näme etjegini bilmän kösenýär” diýip, balkanly pensioner belledi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň dürli pudak edaralarynda wagtal-wagtal uçdantutma barlaglary geçirýärler. Munuň netijesinde parahorlugyň we nogsanlyklaryň üstüniň açylandygy aýdylyp, käbir resmilerden we raýatlardan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak talap edilýär ýa-da olara jerime salnyp, olar kazyýet jogapkärçiligine çekilýärler.

Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar we türkmenistanlylar barlaglardan soňra “ähli zadyň ýene öňki-öňkülik bolýandygyny, para-berimiň gaýtadan möwjeýändigini” aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri barlaglar, olaryň sebäpleri hem-de raýatlara ýetirýän täsirleri barada aç-açan habar berip, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Pensioner: Günde diňe 50 manat nagtlaşdyryp bilýärin
Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar
Diňle: Balkanyň pensiýa gaznasynda barlag geçirilýär, pensionerlerden 60 müň manada çenli serişdäni yzyna gaýtarmak talap edilýär
Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär