Balykesir welaýatynyň suw giňişliginde 55 adam halas edildi

Balykesir welaýatynyň suw giňişliginde 55 adam halas edildi

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde bikanun ýollar bilen Lesbos adasyna gitmek üçin ýola çykan we ýolda Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Türkiyäniň suw giňişliginiň çäklerine itilen bikanun 55 immigrant halas edildi.

Türkiyäniň Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýyklarda immigrantlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda Türkiyäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy işe girişdi.

Kenarýaka Howpsuzlyk gullugyna degişli gaýyklar bilen wakanyň bola ýerine baran topar Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yzyna itilen, aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan 55 immigranty halas etdiler.

Junda adasyndaky Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeligine alynyp gidilen immigrantlara iýmit, içgi, derman we lukmançylyk kömek berileninden soň welaýatyň Migrasiýa edarasyna alynyp gidildiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi
Balykesir Manýas Kelle Peýniri
Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi