Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy

Türkmenistana Türkiýeden dürli görnüşdäki agaç nahallary ugradyldy diýip, TRT.net neşiri 11-nji ýanwarda habar berdi.

Ýurda Türkiýäniň Balykesir welaýatyndan jemi 1630 sany agaç nahaly ugradyldy, olaryň arasynda gök kedr, ot agajy, abelii, pessejik pirkant, žimolost, kalina, tawaložnik, samşit, siren, magnoliýa we lawrowişni agaçlarynyň nahallary bar.

“Biz beýleki ýurtlara hem agaç nahallaryny ugradýarys. Türkmenistana iberilen agaç nahallary doganlyk ýurduň florasyny baýlaşdyrmaga hyzmat eder” diýip, Türkiýäniň tokaý hojalygy we suw serişdeleri ministri Weýsel Erogly aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi