Erdogan: "Gelejegiň parlak Türkiýesini bilelikde gurarys" diýdi

Erdogan: "Gelejegiň parlak Türkiýesini bilelikde gurarys" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Baş merkezinde Adalat we ösüş partiýasynyň Balykesir, Osmaniýe, Tokat, Tunjeli welaýatlarynyň 7-nji nobatdaky maslahatyna göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Prezident Erdogan: "Gelejegiň parlak Türkiýesini bilelikde gurarys. Demokratiýamyza, ykdysadyýetimize, azatlygymyza eýe çykyp, Türkiýäni dünýäniň iň ösen 10 ýurdynyň birine goşmakda tutanýerlidiris" diýip belledi.

Prezident Erdogan, mundan başgada düýn aýan eden Milli Älem giňişligi programmasy bilen baglanşykly: "Düýn Milli Älem giňişligi programmamyzy aýan edip, älem giňşligine gyzyklanma bildirýändigimizi yglan etdik" diýip mälim etdi.

Rejep Taýýip Erdogan çykyşynda: "Raýatlarymyzyň asudalygyna, ýurdumyzyň abadançylygyna, döwletimiziň howpsuzlygyna wehim salan islendik adamyň milletiň öňünde abraýy ýokdyr, mundan soň hem bolmaz" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Türk F-16 uçarynyň heläkçiligi bilen baglanyşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi