Balzam çaýy…

Balzam çaýy…

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Balzam çaýy…

Rahatlandyryjy we köşeşdiriji özboluşlygy bolan balzam çaýynyň saglygyňyz üçin köp sanly peýdasy bardyr.

Balzam çaýyny kimler içmeli?

Stress sebäpli siňdiriş kadasyzlygy bolanlar,

Aşgazanda içegelerde spazmlary we agyrysy bolanlar,

Ýellenme näsazlygy bolanlar,

Alada we gaharjaňlyk sebäpli ejir çekýänler,

Aşgazan bulanmasy, gusma, ulag tutmasy ýa-da deňiz tutmasy ýaly biynjalyklygy bolanlaryň içmegi maslahat berilýär.

Balzam çaýynyň näme peýdasy bar?

Stressi we aladany azaldýar

Balzam çaýynyň stessi azaldýandygy, rahatlandyrýandygy we ruh sagdynlygymyz üçin peýdalydygy bilinýär. Käbir adamlarda aladanyň we depressiýanyň simptomlaryny gowulandyrýandygy görüldi. Geçirilen ylmy barlaglardan biriniň netijesine görä balzam çaýyny içýän adamlaryň köşeşýändigi, uklama isleginiň artýandygy görüldi. Balzam çaýy gaharjaňlygy we aşa tolgunma ýaly aladany görkezýän duýgulary hem azaldýar.

Konsantrasiýany we akyl funsiýasyny artdyrýar

Balzam çaýynyň akyl funksiýalaryny güýçlendirýandigi kesgitlendi. Balzam çaýy, esasanda derse taýýarlanylýar ýa-da kitap okalýarka içilende, ýady güýçlendirýär. Emma bir käseden köp içmek maslahat berilmeýär. Bir käseden köp içilen balzam çaýy, ukyňyzy getirip, işlemegiňize ýaramaz täsir ýetirer.

Uçugyň bejergisi üçin peýdaly

Düzümindäki antioksidentiň saýasynda balzamly kremler ujugyň bejergisinde peýdalydyr. Uçugyň gysga möhletde aýrylmagy üçin peýdaly bolan balzam, uçugyň çykmagy ýygylygyny azaldýar.

Balzam çaýynyň antiseptik özboluşygynyň bardygy we şol sebäpli hem uçuk, ýara, siňek çakmasy we gyzarma ýaly ýönekeý deri näsaglyklaryny aýyrýandygy öňe sürülýär.

Siňdirişi rahatlandyrýar

Siňdiriş ulgamyňyz bilen bagly garyn agyrysy, ýellenme ýa-da gubuzlyk ýaly näsazlyklaryň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Balzam çaýynyň aşgazan bulanmasy üçin hem peýdalydygy bilinýär.

Kelle agyrysy üçin peýdalydyr

Balzam çaýy kelle agyrysy üçin hem peýdalydyr. Stess sebäpli emele gelen kelle agyrysynda balzam, çopantelpek çaýy ýaly rahatlandyryjydyr. Agyryny aýyryjy tebigy özbolyşlygy bolan balzam çaýyny, bedeniň tapawutly nokatlaryndaky agyrylary aýyrmak üçin hem içmek maslahat berilýär.

Ýürek üçin peýdalydyr

Balzam çaýy ganyň basyşyny aşakladyp, ýürek urgusy ýokary bolan adamlar üçin köşeşdiriji täsire eýedir. Şol sebäpli balzam çaýy, ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly kabul edilýär. Antioksident özbolyşlygy bilen ganyň kadaly aýlanmagyny üpjün edýär.

Immuniteti güýçlendirýär

Anti-wiral we anti-mikrobial täsiri bilen bakteriýa, kömeleklere we wiruslara garşy göreşmek taýdan peýdalydyr. Düzüminde antioksidentler bolan balzam ösümligi, derledýändigi üçin grippiň we gyzdyrmanyň bejergisinde peýdalanmak maslahat berilýär.

Ukyny kadalaşdyrýar

Balzam çaýynyň biynjalyklygy we uky kadasyzlyklaryny azaldýandygy bilinýär. Ukysyzlyk sebäpli ejir çekýän adamlara balzam çaýy peýlydyr. Balzam çaýy ýatmazdan öň içilende rahatlandyryp, uka batmagy ýeňilleşdirer.

Deri tegmilleri

Balzam çaýy, aýratynam maska görnüşinde ulanylanda günüň ýaramaz täsirlerini we deridäki tegmilleri aýyrmak üçin peýdalydyr.

Düwürtikleriň çykmagyny azaldar. Deride ençeme sebäpden emele gelýän tegmiller balzam çaýy arkaly aýrylýar.

Balzam çaýy haçan içilmeli?

Balzam çaýynyň rahatlandyrýandygy göz öňünde tutulanda stressli wagtlarda içilmegi peýdalydyr. Agşamlaryna ýatmazdan birnäçe sagat öň balzam çaýyny içmek hem günüň dowamynda emele gelen radiasiýanyň ýaramaz täsirlerini azaldar hem-de stressiňizi aýyryp, rahat uklamagyňyzy üpjün eder.

Balzam çaýyny günde 2 çaşkadan köp içmek maslahat berilmeýär.

Balzam çaýyny nähili demlemeli?

Gaýnan suwy çäýnige guýuň. Soň guradylan ýa-da ter balzam otuny salyp, gapagyny ýapyň. Balzam çaýyny 5-10 minut aralygynda demläň we süzüp içiň.

Ter balzam ýapraklary esasanda tomus aýlarynda sowuk içgilere goşulyp bilner.

Balzam çaýynyň zyýanly taraplary

Kadaly we ünsli sarp edilende zyýanly täsirleriniň ýüze çykmagy seýrek gabat gelýär. Balzam çaýy aşa köp içilende;

Agyryly peşew

Kelle agyrysy

Aşgazan bulanmasy we gusma

Kelläniň aýlanmagy

Bedeniň ýylylygynyň artmagy

Deriniň gaşanmagy

Allergiki reaksiýa

Dem alyşyň kadasyzlygy ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär.

Göwreli we emdirýän aýallar bilen 16 ýaşyny doldurmadyk ýetginjekleriň balzam çaýyny içmegi maslahat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hindistanyň saglyk syýahatçylygy türkmenleri özüne çekmegi dowam etdirýär, ýöne howa gatnawy ýok
ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy
“Men Türkiýe Bilen Aragatnaşygyň Kesilmegine Alada Bildirýärin”
ABŞ, Hindistanyň “Wostok-2022” Türgenleşigine Gatnaşmagyna Alada Bildirýär